Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Ýaşlar Geňeşi ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak maksady bilen döredilen ýaşlar düzümleriniň biridir.
Ýaşlar Geňeşiniň işi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň çäginde alnyp barylýar. Ýaşlar Geňeşi hakyndaky Düzgünnama TKAMM-niň mejlisiniň 2013-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky karary bilen tassyklandy.
Ýaşlar Geňeşiniň esasy maksady:
- ýaşlaryň zähmet, durmuş we beýleki hukuklaryny goramaga gatnaşmak;
- ýaşlaryň döwlet ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyny goldamak;
- ýaşlaryň döredijilik we jemgyýetçilik başlangyçlaryny ösdürmek;
- ýaşlaryň bilim, hünär we şahsy ösüş mümkinçiliklerini giňeltmek;
- kärdeşler arkalaşyklarynyň işine ýaşlary has giňden çekmek;
- ýaş işgärleriň arasynda kärdeşler arkalaşyklarynyň abraýyny we ornuny ýokarlandyrmakdan ybarat.
Ýaşlar Geňeşi ýaşlaryň arasynda forumlary, seminarlary, maslahatlary, sport we medeni çäreleri, şeýle hem hünär we jemgyýetçilik ugurly duşuşyklary guramaga gatnaşýar. Şeýle-de ýaşlaryň meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak, olaryň başlangyçlaryny goldamak we ýaş kärdeşler arkalaşygy agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Ýaşlar Geňeşi ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge, dürli okuw-seminarlara we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaga şert döredýär. Şeýle hem ýaşlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň dürli derejedäki işlerine gatnaşmagy we täze ýaş liderleriň kemala gelmegi üçin mümkinçilikleri giňeldýär.