Zähmeti goramak — işgärleriň howpsuzlygynyň möhüm kepili.
Kärdeşler arkalaşyklary işgärleriň zähmet hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynda, ilkinji nobatda bolsa, olaryň howpsuz we sagdyn zähmet şertlerinde işlemeginiň üpjün edilmeginde möhüm jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýar.
Türkmenistanyň zähmeti goramak ulgamynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalary işgärleriň zähmeti goramak baradaky hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýar we bu maksat bilen guramada tehniki gözegçiler döredildi.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň zähmeti goramak boýunça işi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna, zähmeti goramak babatdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we kärhanalarda zähmeti goramagy dolandyrmagyň bellenen tertibine esaslanýar.
«Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň Ýeke-täk ulgamy» zähmeti goramagyň döwlet dolandyryş edaralarynyň, iş berijileriň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikdäki işini utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Onuň esasy maksady işgärleriň howpsuz we sagdyn zähmet şertlerini döretmekdir.
Şunda esasy ýörelgeleriň biri — önümçiligiň netijelerine garanyňda işgärleriň ömrüniň we saglygynyň ileri tutulmagydyr. Howpsuz we sagdyn zähmet şertlerini üpjün etmek iş berijiniň jogapkärçiligine degişli bolup durýar.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň tehniki gözegçileri kärhanalarda zähmeti goramak boýunça jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak bilen, işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler.
Esasy ugurlar:
• zähmeti goramak baradaky kanunlaryň, kadalaryň we beýleki resminamalaryň berjaý edilişini barlamak;
• iş ýerlerindäki zähmet şertlerine we işgärleriň howpsuzlygyna garaşsyz seljerme geçirmek;
• önümçilik enjamlarynyň, maşynlaryň, mehanizmleriň we beýleki tehniki serişdeleriň howpsuz ulanylyşyna üns bermek;
• işgärleriň şahsy gorag serişdeleri bilen üpjünçiligini barlamak;
• işgärleriň zähmeti goramak boýunça gözükdirmelerden we okuwlaryndan geçişine gözegçilik etmek;
• önümçilikdäki betbagtçylyk hadysalarynyň we hünär keselleriniň derňewine gatnaşmak;
• ýüze çykarylan kemçilikleri we kanun bozulmalaryny aradan aýyrmak boýunça iş berijä degişli teklipleri bermek;
• zähmeti goramak boýunça resminamalaryň işlenip düzülmegine we ylalaşylmagyna gatnaşmak;
• işgärleriň zähmet şertleri boýunça maglumat almak we zerur ýagdaýlarda degişli guramalara ýüz tutmak.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy maksady — howply ýagdaýlaryň öňüni almak, işgärleriň ömrüni we saglygyny goramak, zähmet şertlerini gowulandyrmak we howpsuz zähmet medeniýetini ösdürmekdir.