Howa klimatynyň üýtgemegi häzirki döwürde dünýäniň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän möhüm şertleriň birine öwrülýär. Onuň netijeleri diňe bir daşky gurşaw bilen bagly meseleler bilen çäklenmän, eýsem ykdysadyýete, zähmet bazaryna, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, zähmet şertlerine we howpsuzlygyna, şeýle hem işgärleriň durmuş taýdan goraglylygyna gönüden-göni täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologik taýdan durnukly ykdysadyýete adalatly geçiş düşünjesi barha uly ähmiýete eýe bolýar. Bu düşünje daşky gurşawy goramak boýunça özgertmeleri zähmet hukuklarynyň berjaý edilmegi, mynasyp zähmet bilen üpjünçilik we işgärleriň bähbitleriniň goralmagy bilen utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Bu çemeleşmäniň öňe sürülmeginde Halkara zähmet guramasy (HZG) möhüm orny eýeleýär. Gurama adalatly geçişi durnukly ösüşiň zerur şertleriniň biri hökmünde ykrar edýär. Bu düşünjäniň özeninde ekologik döwrebaplaşdyrmagyň işgärleriň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna, durmuş kepillikleriniň azalmagyna ýa-da deňsizligiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirmeli däldigi baradaky garaýyş durýar. Munuň tersine, ol iş bilen üpjünçiligiň täze mümkinçiliklerini döretmäge, hünär taýdan ösüşe we ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermelidir.
Bu ugurdaky işleriň möhüm binýadyny HZG-niň «Ähli adamlar üçin ekologik taýdan durnukly ykdysadyýete we jemgyýete adalatly geçiş boýunça Strategiýasy we Hereketleriň meýilnamasy» düzýär. Onda kesgitlenen esasy ugurlar durmuş gepleşiklerini ösdürmegi, halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyny, zähmeti goramagy, gender deňligini we durmuş taýdan goşulyşmagy üpjün etmegi, şeýle hem kärhanalar bilen özara hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Işgärleri hünär taýdan taýýarlamak, täze başarnyklary ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme howa klimaty bilen bagly syýasaty aýratynlykda däl-de, eýsem ykdysady we durmuş ösüşiniň umumy ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär.
Bu meseleleriň häzirki döwürdäki ähmiýeti 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Antalýada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) dowamynda hem aýdyň ýüze çykýar. Maslahatyň maksatnamasynda howa klimaty bilen bagly özgertmeleriň durmuş jähtlerini ara alyp maslahatlaşmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. HZG-niň we Ýewropa Komissiýasynyň gatnaşmagynda guralan adalatly geçiş pawilýony aýratyn ünsi çekdi. Ol döwletleriň, iş berijileriň we işgärleriň guramalarynyň, halkara düzümleriniň hem-de raýat jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemläp, howa baradaky borçnamalary mynasyp zähmet, durmuş goragy we kärhanalaryň durnukly ösüşi üçin täze mümkinçiliklere öwürmegiň amaly ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Bu halkara gün tertibinde Türkmenistanyň başlangyçlary möhüm orun eýeleýär. COP31-iň Liderler sammitinde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howa durnuklylygy babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, howa tehnologiýalaryny ösdürmäge, halkara ekologik hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmäge we döwletleriň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy durmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu merkeziň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabat şäherinde açylmagy meýilleşdirilýär. Onuň işi häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara maliýe serişdelerini çekmäge gönükdiriler. Şeýle hem Aşgabat klimat dialogyny ösdürmek we howanyň üýtgemegini hem-de onuň ýaramaz netijelerini görkezýän sanly atlasy döretmek baradaky teklipler ähmiýetlidir. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň umumy ekologik meseleleri çözmekde döwletleriň we halkara hyzmatdaşlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge bolan ygrarlylygyny görkezýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketi üçin howa klimaty bilen bagly gün tertibiniň zähmet hukuklaryny goramak bilen özara baglanyşygy aýratyn ähmiýete eýedir. 2026-njy ýylyň maý aýynda bu meseleler Baku şäherinde geçirilen howanyň üýtgemegi şertlerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işine bagyşlanan sebit derejesindäki halkara maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda adalatly geçiş, ýaşyl iş orunlaryny ösdürmek, hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak, işgärleriň durmuş taýdan goraglylygy we howa syýasatyny işläp taýýarlamakda kärdeşler arkalaşyklarynyň gatnaşmagy bilen bagly meselelere garaldy. Şeýle duşuşyklar tejribe alyşmaga we ekologik özgertmeleriň ygtybarly durmuş kepillikleri bilen utgaşdyrylmalydygyna bolan sebit düşünjesini pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Häzirki şertlerde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny täze mazmuna eýe bolýar. Zähmetkeşleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny goramak bilen bir hatarda, howa üýtgemeleriniň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ýetirýän täsirlerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmak hem barha möhüm bolup durýar. Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy, aşa yssynyň işgärleriň saglygyna ýetirýän täsiri, tebigy-howa şertleriniň üýtgemegi we beýleki ýagdaýlar zähmeti goramak, hünär töwekgelçilikleriniň öňüni almak hem-de önümçilikde howpsuz şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilmegini talap edýär. Bu meseleler, ilkinji nobatda, oba hojalygynda, gurluşykda, senagatda we zähmet şertleri daşky gurşawyň ýagdaýyna gönüden-göni bagly bolan beýleki pudaklarda işleýän işgärler üçin aýratyn ähmiýetlidir.
Iş bilen üpjünçiligi gorap saklamak we işgärleriň ykdysadyýetiň düzümindäki üýtgeşmelere hünär taýdan uýgunlaşmagyny üpjün etmek hem möhüm wezipeleriň biridir. Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy we täze pudaklaryň ösdürilmegi hünär bilimine, hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de häzirki zaman başarnyklaryny ele almaga giň mümkinçilikler bilen utgaşdyrylmalydyr. Şunda işiniň häsiýeti üýtgäp biljek ýa-da hünär taýýarlygyna bildirilýän talaplar täzeçe kesgitlenjek işgärleriň bähbitleri göz öňünde tutulmalydyr. Geljekde ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmäge gönüden-göni gatnaşjak ýaşlara aýratyn üns berilmelidir.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milli kärdeşler arkalaşyklary merkezi işgärleriň, iş berijileriň we döwletiň bähbitlerini sazlaşdyrmagyň möhüm guraly hökmünde durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Degişli döwlet edaralary, iş berijiler, HZG, ACTRAV we daşary ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklary bilen hyzmatdaşlyk amaly tejribe alyşmak, zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik we durmuş goragy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem mynasyp zähmet ýörelgelerini yzygiderli ilerletmek üçin mümkinçilikleri döredýär. Zähmetkeşler köpçüliginiň ekologik düşünjeliligini ýokarlandyrmak, tebigy serişdelerden jogapkärçilikli peýdalanmak medeniýetini kemala getirmek we howpsuz zähmet medeniýetini ýaýratmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda durýar.
Şol bir wagtyň özünde häzirki döwrüň kynçylyklary diňe bir howanyň üýtgemegi bilen çäklenmeýär. Sanlylaşdyrma, emeli aň we täze önümçilik tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hem zähmet işiniň mazmunyny düýpli üýtgedýär we hünär başarnyklaryna täze talaplary bildirýär. 2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda HZG-niň Baş direktory wezipesine ikinji möhlete gaýtadan saýlanan Žilber Ungbo özüniň gaýtadan saýlanmagyndan soňky çykyşynda tehnologik ösüşiň adamyň bähbidine hyzmat etmelidigini aýratyn nygtady. Bu garaýyş howa gün tertibi üçin hem giň many-mazmuna eýedir. Sebäbi sanly ýa-da ekologik döwrebaplaşdyrma bolsun, islendik özgertme diňe bir ykdysady netijeliligi bilen däl, eýsem işgärleriň ýagdaýyna ýetirýän täsiri, zähmet şertlerini gowulandyrmagy we howpsuzlygy üpjün etmegi bilen hem ölçenilmelidir.
Şeýlelikde, adalatly geçiş diňe bir önümçilik tehnologiýalarynyň ýa-da energiýa çeşmeleriniň üýtgemegi däl-de, eýsem döwletleriň, iş berijileriň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we halkara hyzmatdaşlarynyň sazlaşykly hereketlerini talap edýän toplumlaýyn özgertme bolup durýar. Onuň üstünlikli amala aşyrylmagy ekologik durnuklylygy, ykdysady netijeliligi we durmuş taýdan goraglylygy bir wagtda üpjün etmek ukyby bilen kesgitlenýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary durmuş hyzmatdaşlygynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine daýanyp, howa we tehnologik özgertmeleriň barşynda zähmetkeşleriň bähbitleriniň mynasyp orun eýelemegine mundan beýläk-de ýardam bermäge çalyşýar.
Netijede, durmuş adalatlylygy bolmazdan durnukly ösüşi gazanmak mümkin däldir. Daşky gurşawy goramak, mynasyp zähmet, howpsuzlyk we adamyň ertirki güne bolan ynamy umumy geljegimiziň özara aýrylmaz bölekleri bolmalydyr.
Mekan Öwezow, TKAMM-yň hukukçysy