TK |
|
TKAMM logo
/ Habarlar / Milli merkez / Durmuş dialogyny ösdürmek we halkara zähmet hyzma…
26.11.2026 Milli merkez

Durmuş dialogyny ösdürmek we halkara zähmet hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde gibrid görnüşde Halkara Zähmet Guramasynyň 144-nji «Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek maksady bilen üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar hakynda» Konwensiýasynyň ulanylyşy boýunça tejribe alyşmak babatda Sebitleýin duşuşyk geçirildi.

Çäre Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de milli durmuş hyzmatdaşlary bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň, işgärleriň we iş berijileriň guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy maksady 144-nji Konwensiýanyň ulanylyşy boýunça milli tejribeleri alyşmak, üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hereket edýän mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmak we durmuş hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda 1976-njy ýylda kabul edilen Konwensiýanyň ulanylyşynyň 50 ýyllyk tejribesine, onuň esasy düzgünlerine hem-de milli durmuş dialogynyň durnukly edaralaryny kemala getirmekdäki ähmiýetine garaldy. Konwensiýada göz öňünde tutulan maslahatlaşmalaryň bäş esasy ugruna, şol sanda halkara zähmet kadalary boýunça resminamalary taýýarlamak we ara alyp maslahatlaşmak, olary degişli milli edaralara hödürlemek hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň tassyklanan konwensiýalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Tejribe alyşmagyň çäklerinde üçtaraplaýyn komissiýalaryň milli nusgalary, olaryň düzümi, ygtyýarlyklary, mejlisleri geçirmegiň we çözgütleri kabul etmegiň tertibi boýunça çykyşlar diňlenildi. Durmuş dialogynyň netijeliliginiň diňe degişli edaralaryň döredilmegine däl-de, eýsem maslahatlaşmalaryň yzygiderli geçirilmegine, taraplaryň deňhukukly gatnaşmagyna, pikir alyşmalaryň açyklygyna we durmuş hyzmatdaşlarynyň garaýyşlarynyň kabul edilýän çözgütlerde nazara alynmagyna baglydygy bellenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekili öz çykyşynda ýurdumyzyň 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda 144-nji Konwensiýa goşulmagynyň milli durmuş hyzmatdaşlygy ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny nygtady. Döwlet edaralarynyň, iş berijileriň we işgärleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmekde, işgärleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda, şeýle hem mynasyp we howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki mysaly hökmünde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň özara gatnaşyklary görkezildi. Bilelikdäki duşuşyklaryň we iş maslahatlarynyň dowamynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek hem-de işgärleriň zähmet hukuklarynyň kepilliklerini üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň zähmeti goramak, önümçilik şikeslenmeleriniň öňüni almak, şeýle hem çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi. Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen Halkara Zähmet Guramasynyň «Türkmenistanda mynasyp zähmeti ilerletmek we çaga hem-de mejbury zähmetiň öňüni almak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar 144-nji Konwensiýanyň netijeli ulanylmagynyň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini yzygiderli kämilleşdirmegi, durmuş hyzmatdaşlarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmagy we zähmet hem-de durmuş-ykdysady syýasatyň möhüm meseleleri boýunça mazmunly maslahatlaşmalary geçirmegi talap edýändigini bellediler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, işgärleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny goramaga, şeýle hem zähmet gatnaşyklarynyň ähli taraplarynyň arasynda netijeli we konstruktiw dialogy pugtalandyrmaga mundan beýläk-de yzygiderli ýardam berer.

 

Mekan Öwezow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça hukuk gözegçisi

 

 

Degişli Habarlar