2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde zähmet meseleleri boýunça myhmançylyk sapary bilen Aşgabat şäherinde bolýan Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet meseleleri boýunça Tehniki goldaw toparynyň we Sebitleýin edarasynyň iş bilen üpjünçilik meseleleri boýunça baş hünärmeni jenap Kazutoşi Çatani bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri we HZG-niň taslama toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda iş bilen üpjünçilik we zähmet gatnaşyklary ulgamynyň häzirki meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Işgärleriň zähmet hukuklaryny we bähbitlerini goramak, adalatly işe kabul etmek tejribesini ilerletmek hem-de durmuş gepleşiklerini berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar HZG bilen durmuş hyzmatdaşlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, zähmet we iş bilen üpjünçilik ulgamlarynda tejribe we öňdebaryjy iş usullary bilen alyşmagyň wajypdygyny bellediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmäge we durmuş hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Mekan ÖWEZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça hukuk gözegçisi