Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda “Arkadag Şäheri – Ak Bagtyň Şäheri” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Medeniýet sungat hem-de Magtymguly pyragynyň şygryýet güni şeýle hem Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli geçirilen bu dabara halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýaş maşgalalaryň goldanylmagy we Arkadag şäheri ýaly täze, akylly şäherleriň gurlup ulanylmaga berilmegi hakyndaky buýsançly çykyşlardan ybarat boldy.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Magtymguly pyragynyň edebi mirasyny wagyz etmegiň ähmiýeti, milli döwlet gurluşynyň ösüşinde beýik akyldaryň tutýan orny we ynsanperwer şahyryň umumyadamzat ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna goşan goşandy barada, şeyle hem Arkadag şäheriniň gurlup ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň ýokary görkezijisine öwrülendigi hakynda gürrüň etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli içeri we daşary syýasatlary hakynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan, medeni we ynsanperwer halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň wagyz edilmegine ýardam edýän düýpli özgertmeleriň ähmiýeti hakynda aýdyp geçdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň orkestri we aýdymçylary, şeýle hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň aýdymçylary çykyş etdiler
Maslahata gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi
Möwlamberdi Rahymow