TK |
|
TKAMM logo
“ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI-GELJEGMIZIŇ ÇYRAGY”
22.06.2026 Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

“ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI-GELJEGMIZIŇ ÇYRAGY”

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk toplumynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli “Arkadagyň ak şäheri — geljegimiziň çyragy” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ile Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guralan bu çärede toplumyň şäher ýaşaýjylaryna hödürleýän döwrebap sanly hyzmatlary bilen ýakyndan tanşyldy. Çäräniň dowamynda kärdeşler arkalaşygynyň utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy, ministrligiň merkezi diwanynyň KA-nyň başlygy we beýleki işjeň agzalary gatnaşmagynda tegelek stol söhbetdeşligi guralyp, Arkadag şäheriniň ekologiýa abadançylygy, sanly ulgamy we ýaşaýyş-durmuş şertleri barada buýsançly çykyşlar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatlaryny dabaralandyran bu interwýuly söhbetdeşlikler “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Çärä gatnaşyjylar bütin türkmen halkyny we döwlet Baştutanlarymyzy baýramçylyklar bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Ogulbahar Allanazarowa

Degişli makalar