Türkmenistanyň garaşsyzlygyny yglan edilenine 35 ýyl dolýar. Taryhy nukdaýnazardan gysga wagtyň içinde Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarda belli bir ýol geçdi. Türkmenistan öň tanalmaýan döwlet öz garaşsyzlygyna ykrar eden soň syýasy we geografiýa kartasynda, ykdysadyýeti we geopolitiki nukdaý nazaryndan we ähmiýetinden halkara bileleşigi haýran galdyrdy. 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygy, soňra 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda döwlet garaşsyzlygy ykrar etdi. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertlerini döretdi. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy bolup saýlandy. 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. GDA döwletleriniň arasynda Türkmenistan ilkinji bolup öz Konstitusiýasyny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul etdi. Esasy Kanunymyz biziň milli taryhymyzda hem-de döwlet gurluşygymyzda öçmejek wakadyr, ol bakydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň özgermegini şertlendirdi, döwlet-hukuk institutlarynyň mazmunyna, döwlet häkimiýetiniň guralyşyna düýpli üýtgetmeleri girizdi. Konstitusiýa ýurtda syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmaga ýardam etdi, ol syýasy özgertmeleriň kadaly ösmegi üçin esas döredip, täze syýasy edaralary we düzümleri kanuny edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşýanlaryň hemmesine umumy talaplary bildirýär.
Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, Türkmenistanda ýurdy ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatlaryny gazanmakda möhüm şert bolan döwleti dolandyryşynyň netijeli ulgamyny döretmek meselesi esasy wezipe bolmagynda galýar. Türkmenistanda döwleti kemala getirmegiň ilkinji on ýyllygy jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçen özgerişlikleri nazara almak bilen, döwlet dolandyryşynyň täze ulgamynyň döredilip başlanmagyny öz içine aldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň jar edilmegi ozal ýola goýlan sowet dolandyryş ulgamyny üýtgedip gurmak arkaly düýpli özgerişlikleri amala aşyrmaga hem-de demokratik we hukuk döwletini döretmäge girişilmegine mümkinçilik berdi.
Halkymyz ata-babalarymyzyň ýoly bilen ýöräp, halk häkimiýetliliginiň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Şol bir wagtda dünýä tejribesiniň gazananlaryny hemde milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi. Köp asyrlyk taryhynyň çeşmelerine we hukuk tejribelerine esaslanyp, türkmen halky adamzat paýhasynyň, şeýle hem dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi, ony özüniň iň täze taryhynda kemala getirdi. Garaşsyzlyk biziň geljegimizi kesgitledi, türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri, halkymyzyň bagtly, parahatçylykly hem asuda ýaşamagyny köp ýyllara beýan etdi. Biz bu gün türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, adatlaryny we durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman nusgasynyň öz beýanyny tapýandygynyň şaýady bolýarys. Türkmenistan garaşsyzlyk döwründe birnäçe konstitusion özgertmeleri amala aşyrdy. Türkmenistanda geçirilen konstitusion özgertmeleriň esasy ugurlary döwlet häkimiýetiniň gurluşyny, döwlet häkimiýet edaralarynyň hakyky tutýan ornuny kesgitlemekden, olaryň wezipelerini döwrebaplaşdyrmakdan, kanunçykaryjylyk işini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Geçen ýyllarda biziň döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bütewiligini mundan beýläk-de berkidildi. Türkmenistan döwletimiz barha ösýär, özgerýär. Garaşsyzlyk ýyllarda demokratizasiýa prosesleri biziň ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň ösüşiniň ýagdaýynyň we derejesiniň, döwlet häkimiýetiniň we raýat jemgyýetiniň institutlarynyň kämilleşdirmäge hem uly ýardam berýär. Garaşsyzlyk biziň döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan döwletimizde syýasy asudalygy, halk bütewiligini mundan beýläk-de berkitdi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepili boldy. Türkmenistanda iň ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy - Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar. Onuň döredilmegi bilen wekilçilikli häkimiýetiň we kanunçykaryjy häkimiýetiň konstitusion hukuk ýagdaýy täzeçe kesgitlenilýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň geljegi ulydyr. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän garaşsyzlygy yglan eden gününden başlap berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan döwletimizde milli hukuk ulgamyny we raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, syýasy asudalygy, halk bitewiligini mundan beýläk-de berkitmäge, netijede bolsa, raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşamagyna mümkinçilik berer.
Myrat Haitow,