TK |
|
TKAMM logo
/ Habarlar / Milli merkez / Türkmenistanyň tejribesi — sebitleýin hyzmatdaşly…
07.09.2026 Milli merkez

Türkmenistanyň tejribesi — sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Türkmenistanyň tejribesi — sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

 

2026-njy ýylyň 3–4-nji sentýabrynda Moldowa Respublikasynyň paýtagty Kişinýow şäherinde «Kärdeşler arkalaşyklary migrantlaryň we bosgunlaryň hukuklary üçin: özara tejribe alyşmak we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly sebitleýin maslahat geçirildi. Öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, zähmetkeşleriň we durmuş taýdan goraga mätäç adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem sebitiň kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen geçirilen bu maslahat möhüm halkara hünär dialogynyň meýdançasyna öwrüldi.

Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri hem gatnaşyp, ýurdumyzyň zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, durmuş gepleşiklerini ösdürmek, işgärleriň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak hem-de adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça toplan oňyn tejribesini giňden tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda zähmetkeşleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, durmuş hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärleriň hukuklaryny düşündirmek we olaryň durmuş kepilliklerini üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary Kadyr Amandurdyýew çykyşynyň başynda maslahatyň guramaçylaryna hoşallygyny bildirip, moldowaly kärdeşlerini we Moldowa Respublikasynyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Ol öz çykyşynda parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara hormatyň we parahatçylykly hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň möhüm gymmatlyklarydygyny belläp, Moldowa bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarlylygynyň hem iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň möhüm esaslarynyň biridigini nygtady. Bitaraplygyň döwletleriň arasynda özara hormata, ynanyşmaga we konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyna ýardam berýän möhüm ýörelge bolup durýandygy bellenildi.

Türkmen tarapyndan edilen çykyşda zähmetkeşleriň hukuklaryny goramagyň kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup galýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, durmuş gepleşiklerine we durmuş hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berilýändigi aýdyldy. Bu mehanizmler döwlet edaralaryna, iş berijilere we işgärleriň wekillerine zähmet gatnaşyklary, iş bilen üpjünçilik, zähmeti goramak, zähmet haklary, işgärleriň durmuş kepillikleri we ilaty durmuş taýdan goramak bilen bagly meseleleri özara hyzmatdaşlyk esasynda çözmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi durmuş gepleşiklerini durnukly, adalatly we özara jogapkärçilige esaslanýan zähmet gatnaşyklaryny üpjün etmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn gyzyklanmasyna Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny çözmek boýunça toplan tejribesi eýe boldy. Türkmenistanyň wekili çykyşynda ýurdumyzyň milli hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi. Bu ugurda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen halkara resminamalaryna goşulmak, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Türkmenistanda raýatlygy bolmazlygy aradan aýyrmak boýunça Milli hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy. Meýilnama raýatlygy bolmadyk adamlary ýüze çykarmak, olaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek we raýatlyk almaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutýar. Yzygiderli durmuşa geçirilen döwlet syýasatynyň netijesinde müňlerçe adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, ýurtda belli bolan raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli ýagdaýlary bolsa çözüldi. Bu netijeler Türkmenistanyň adam hukuklaryny, şol sanda raýatlyk hukugyny üpjün etmek boýunça alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň netijeliligini görkezýän möhüm görkezijileriň biridir.

Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünliklerine Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi tarapyndan hem ýokary baha berildi. BMG-niň BOKM-niň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2024-nji ýylda dünýäde belli bolan raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli ýagdaýlaryny çözen dünýäniň ikinji döwleti boldy. Şeýle hem gurama tarapyndan Milli hereketleriň meýilnamasynyň kabul edilmeginiň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň degişli tertipleriniň kämilleşdirilmeginiň we olaryň raýatlyk almaklary üçin şertleriň döredilmeginiň ähmiýeti bellenýär.

Maslahatda kärdeşler arkalaşyklarynyň adamlaryň hukuklaryny goramakdaky, olaryň jemgyýete doly goşulyşmagyna ýardam bermekdäki orny barada hem pikir alşyldy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärler bilen göni işleşýändigi, olaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýändigi, zähmet hukuklary we durmuş kepillikleri barada düşündiriş işlerini geçirýändigi, şeýle hem ýüze çykýan meseleleri durmuş hyzmatdaşlarynyň ünsüne ýetirýändigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketiniň döwlet edaralarynyň ornuny tutmaýandygy, olaryň durmuş gepleşikleriniň çäklerinde döwlet edaralary, iş berijiler we işgärler bilen özara hyzmatdaşlykda zähmet ulgamynyň kämilleşdirilmegine, durmuş adalatlylygynyň üpjün edilmegine we zähmetkeşleriň hukuklarynyň goralmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.

Maslahatyň ikinji güni sebitleýin kärdeşler arkalaşyklary hyzmatdaşlygynyň amaly ugurlaryna bagyşlandy. Gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini kesgitlediler, migrasiýa ugurlarynyň kartalaşdyrylmagyny geçirdiler we sebitleýin iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp bardylar. Günüň ahyrynda iş toparlarynyň teklipleri diňlenilip, maslahatlar ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirler beýan edildi.

Bu işlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça hukuk gözegçisi Mekan Öwezow hem işjeň gatnaşdy. Onuň maslahatyň ikinji günündäki gatnaşygy Türkmenistanyň wekiliýetiniň öňe süren garaýyşlarynyň dowamy boldy. Onda sebitleýin hyzmatdaşlygyň tejribäni yzygiderli alyşmaga, hünär gepleşiklerini ösdürmäge we zähmet hem-de durmuş meselelerine amaly çözgütleri bilelikde gözlemäge esaslanmalydygy bellenildi.

Maslahatda kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň geljekki hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitlemäge aýratyn üns berildi. Şol ugurlaryň hatarynda işgärleriň hukuk taýdan habarlylygyny ýokarlandyrmak, kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek, durmuş hyzmatdaşlygy boýunça tejribe alyşmak, zähmet we durmuş hukuklaryny goramagyň netijeli mehanizmlerini pugtalandyrmak ýaly möhüm meseleler öňe çykaryldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleriniň Kişinýowda geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň bu ugurda toplan milli tejribesini halkara jemgyýetçiligine ýetirmäge, şeýle hem beýleki ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň iş tejribesi bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berdi. Şeýle forumlar zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, mynasyp zähmeti üpjün etmek, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek, mümkinçilikleriň deňligini pugtalandyrmak we adam mertebesine hormat goýmak ýaly umumy maksatlaryň daşynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Kişinýowda geçirilen maslahat Türkmenistanyň zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak, durmuş gepleşiklerini ösdürmek we adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça toplan tejribesiniň halkara we sebitleýin derejede uly gyzyklanma döredýändigini ýene-de bir gezek görkezdi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan öňe sürlen garaýyşlar bolsa zähmet gatnaşyklarynda durmuş adalatlylygyny, durnuklylygy we özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Türkmenistan geljekde hem özara hormata, ynanyşmaga we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan halkara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak we durmuş abadançylygyny üpjün etmek boýunça oňyn tejribesini halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde paýlaşmagy dowam etdirer.

 

 Mekan Öwezow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça hukuk gözegçisi

 

Degişli Habarlar