TK |
|
TKAMM logo
/ Habarlar / Milli merkez / Türkmenistanda çagalaryň we mejbury zähmetiň öňün…
Türkmenistanda çagalaryň we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça maglumatlandyryş-düşündiriş çäreleriniň tapgyry geçirildi
14.08.2026 Milli merkez

Türkmenistanda çagalaryň we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça maglumatlandyryş-düşündiriş çäreleriniň tapgyry geçirildi

2026-njy ýylyň iýun-awgust aýlarynda Türkmenistanda ilatyň çagalaryň we mejbury zähmetiň ýol berilmesizligi, zähmet hukuklarynyň goragy, şeýle hem zähmet hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly meseleler boýunça ýüz tutmagyň hereket edýän mehanizmleri baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maglumatlandyryş-düşündiriş çäreleriniň tapgyry geçirildi.

 

Bu çäreler Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen we milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda mynasyp zähmeti ilerletmek we çagalaryň hem-de mejbury zähmetiň öňüni almak» atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Taslama mynasyp zähmetiň ýörelgelerini ilerletmäge, çagalaryň we mejbury zähmetiň, şol sanda pagtaçylyk pudagynda, öňüni almak boýunça milli mehanizmleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirildi.

 

Geçirilen işleriň möhüm ugurlarynyň biri milli, welaýat we etrap derejelerinde geçirilen maglumatlandyryş we düşündiriş çäreleri boldy. Olara döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň, iş berijileriň guramalarynyň, oba hojalyk pudagynyň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdylar.

 

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Aşgabat şäherinde çagalaryň we mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça maglumatlandyryş-düşündiriş işlerini guramak meselelerine bagyşlanan milli maglumat-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar milli kanunçylygyň esasy düzgünlerine, halkara zähmet kadalaryna, zähmet hukuklarynyň goralmagy bilen bagly meselelere, şeýle hem ilatyň arasynda netijeli düşündiriş işlerini geçirmegiň usullaryna garadylar.

 

Çagalaryň zähmet işine çekilmeginiň we zähmete mejbur etmegiň islendik görnüşleriniň ulanylmagynyň öňüni almak meselelerine aýratyn üns berildi. Döwlet edaralarynyň we degişli pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşyjylara hereket edýän hukuk kadalaryny düşündirdiler hem-de zähmetiň meýletinlik ýörelgesiniň we mynasyp zähmet şertleriniň berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

 

2026-njy ýylyň 22-nji iýunyndan 11-nji awgusty aralygynda ýurduň 13 etrabynda hem şuňa meňzeş maglumatlandyryş-düşündiriş çäreleri geçirildi. Hususan-da, duşuşyklar Tejen, Gökdepe, Änew, Kerki, Saýat, Türkmenabat, Mary, Ýolöten, Baýramaly, Görogly, Akdepe, Köneürgenç we Gyzylarbat etraplarynda geçirildi.

 

Duşuşyklaryň dowamynda hünärmenler çaga zähmeti we mejbury zähmet düşünjelerini, milli kanunçylygyň degişli düzgünlerini, pagta ýygymy möwsüminde işe kabul etmegiň we zähmet şertleriniň gözegçilik edilmeginiň netijeleri boýunça berlen maslahatlary, şeýle hem zähmet hukuklarynyň goralmagy we ýüz tutmagyň elýeterli mehanizmleri bilen bagly meseleleri giňişleýin düşündirdiler.

 

Geçirilen çäreler ilatyň hukuk taýdan habarlylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, döwlet edaralarynyň, durmuş hyzmatdaşlarynyň we ýerli jemgyýetleriň arasynda özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem zähmet hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak medeniýetiniň ösdürilmegine ýardam etdi.

 

Geçirilen işleriň çäklerinde gatnaşyjylara zähmete mümkin bolan mejbur etmek ýa-da zähmet hukuklarynyň beýleki bozulmalary bilen bagly meseleler ýüze çykan halatynda raýatlaryň ygtyýarly döwlet edaralaryna we degişli guramalara öz şikaýatlary we ýüz tutmalary bilen - dilden ýa-da ýazmaça görnüşde, şeýle hem göz öňünde tutulan elektron ýüz tutma mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly ýüz tutup bilýändikleri hem düşündirildi.

 

Bu işlerde kärdeşler arkalaşyklaryna durmuş hyzmatdaşlygynyň möhüm instituty hökmünde aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekili hem maglumatlandyryş-düşündiriş işlerine gatnaşyp, işgärleriň zähmet hukuklary, mynasyp zähmetiň ýörelgeleri we kanuny bähbitlerini goramagyň mümkinçilikleri baradaky habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna öz goşandyny goşdy.

 

Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň iýun-awgust aýlarynda geçirilen çäreleriň tapgyry ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga, işgärleriň hukuk bilimlerini pugtalandyrmaga we çagalaryň hem-de mejbury zähmetiň islendik görnüşleriniň öňüni almaga gönükdirilen yzygiderli maglumatlandyryş-mahabat işleriniň möhüm tapgyry boldy.

 

Şunuň ýaly işleriň milli we ýerli derejelerde dowam etdirilmegi Türkmenistanda durmuş dialogynyň pugtalandyrylmagyna, öňüni alyş mehanizmleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de mynasyp zähmetiň ýörelgeleriniň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam berer.

 

Mekan Öwezow, TKAMM-yň hukukçysy

 

Degişli Habarlar