TK |
|
TKAMM logo
/ Habarlar / Milli merkez / Halkara Zähmet Guramasynyň 114-nji Halkara zähmet…
29.06.2026 Milli merkez

Halkara Zähmet Guramasynyň 114-nji Halkara zähmet konferensiýasy: sanly ykdysadyýet üçin täze halkara zähmet kadalary

2026-njy ýylyň 1-12-nji iýuny aralygynda Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) iň ýokary dolandyryş edarasy bolan 114-nji Halkara zähmet konferensiýasy geçirildi. Konferensiýanyň işine HZG-nyň 187 agza döwletinden hökümetleriň, iş berijileriň guramalarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň 5700-den gowrak wekili gatnaşdy. Adat bolşy ýaly, bu forum zähmet, durmuş goragy hem-de halkara zähmet kadalary bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy halkara meýdança öwrüldi.

Konferensiýanyň esasy temasy sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň çalt ösýän şertlerinde zähmet gatnaşyklarynyň geljegi boldy. HZG-nyň Baş direktory Žilber Hungbo öz hasabatynda dünýäniň häzirki wagtda örän möhüm saýlawyň öňünde durandygyny belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, täze tehnologiýalaryň mynasyp iş orunlaryny döretmäge ýa-da, tersine, jemgyýetdäki bar bolan deňsizligi güýçlendirmäge hyzmat etjekdigi döwletleriň, iş berijileriň we işgärleriň bilelikdäki hereketlerine baglydyr.

114-nji sessiýanyň iň möhüm netijesi Platforma ykdysadyýetinde mynasyp zähmet hakynda 193-nji Konwensiýanyň kabul edilmegi boldy. Bu resminama taryhda ilkinji gezek sanly platformalarda zähmet çekýän işgärleriň hukuklaryny düzgünleşdirýän halkara kadalaryny kesgitleýär. Konwensiýa ýolagçy gatnatmak, harytlary eltip bermek, onlaýn sargytlary ýerine ýetirmek we beýleki sanly hyzmatlar ulgamynda işleýän adamlaryň zähmet hukuklaryny, olaryň iş bilen üpjünçilik görnüşine garamazdan, kepillendirýär.

Resminamada howpsuz we sagdyn zähmet şertleriniň döredilmegi, adalatly zähmet hakynyň üpjün edilmegi, durmuş goragy, şahsy maglumatlaryň goralmagy, algoritmler arkaly dolandyrylyşyň açyklygy, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklaryna birleşmek we köpçülikleýin gepleşiklere gatnaşmak hukugy berkidilýär. Bu Konwensiýanyň kabul edilmegi taryhy waka bolup, çalt ösýän sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ilkinji hökmany halkara hukuk guraly hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Konferensiýanyň işinde durmuş dialogyny we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine hem uly üns berildi. Gatnaşyjylar hökümetleriň, iş berijileriň we işgärleriň wekilleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki zaman durmuş-zähmet meselelerini çözmegiň esasy şerti bolup galýandygyny bellediler. Esasan hem tehnologik özgertmeler, ykdysady durnuksyzlyk we zähmet bazarynyň üýtgeýän şertlerinde üçtaraplaýyn dialogyň ähmiýetiniň has-da artýandygy nygtaldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde milli, pudaklaýyn we kärhanalar derejesinde durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli teklipler kabul edildi.

Konferensiýanyň gün tertibinde zenanlar bilen erkekleriň zähmet ulgamyndaky deňhukuklylygyny üpjün etmek meseleleri hem möhüm orun eýeledi. Zenanlaryň zähmet bazaryndaky mümkinçiliklerini giňeltmek, zähmet hakyndaky tapawutlary aradan aýyrmak, howpsuz iş gurşawyny döretmek we ýolbaşçy wezipelerine deň mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, emeli aňyň we sanly özgertmeleriň zenanlaryň iş bilen üpjünçiligine ýetirýän täsirine hem aýratyn üns berildi.

Konferensiýanyň dowamynda Halkara zähmet kadalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän Komitetiň döredilmeginiň 100 ýyllygy bellenildi. Komitet döwletleriň halkara zähmet konwensiýalaryny ýerine ýetirişini seljerdi, ýigrimiden gowrak aýratyn meselä seretdi hem-de zähmet ulgamyndaky esasy hukuklaryň berjaý edilişine baha berdi. Şeýle hem ýaragly çaknyşyklar, ykdysady kynçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar döwründe işgärleriň hukuklaryny goramagyň meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Konferensiýanyň ýene bir möhüm netijesi halkara zähmet kadalarynyň ulgamynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi boldy. Sessiýanyň dowamynda birnäçe döwletler mejbury zähmetiň gadagan edilmegi, zähmeti goramak we önümçilikde howpsuzlyk bilen bagly halkara konwensiýalaryny tassykladylar. Bu ýagdaý Halkara Zähmet Guramasynyň alyp barýan işine dünýä jemgyýetçiliginiň uly ynam bildirýändigini we halkara zähmet kadalarynyň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär.

114-nji Halkara zähmet konferensiýasynyň jemleri Halkara Zähmet Guramasynyň häzirki zaman halkara durmuş syýasatyny kemala getirmekdäki ornunyň barha artýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Platforma ykdysadyýetinde mynasyp zähmet hakyndaky täze Konwensiýanyň kabul edilmegi halkara zähmet kadalarynyň sanly ykdysadyýetiň täze talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginde möhüm ädim boldy. Konferensiýanyň kabul eden çözgütleri mynasyp zähmeti ösdürmäge, durmuş adalatlylygyny pugtalandyrmaga we dünýä ykdysadyýetiniň sanly özgertmeler şertlerinde zähmet gatnaşyklarynyň netijeli düzgünleşdirilmegine uly goşant goşar.

 

Mekan Öwezow, TKAMM-yň hukukçysy

 

Degişli Habarlar