TK |
|
TKAMM logo
/ Habarlar / Milli merkez / «HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLAR…
«HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ IŞI» ATLY HALKARA SEMINAR
21.05.2026 Milli merkez

«HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ IŞI» ATLY HALKARA SEMINAR

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Baku şäherinde geçirilen «Howanyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi» atly halkara seminara gatnaşdy. Çärä Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasy (AHIK), Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi (TKAMM) hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosy (ILO-ACTRAV) tarapyndan bilelikde guramaçylyk edildi.

Seminar Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň, parlament wekilleriniň, bilermenler jemgyýetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemläp, howanyň üýtgemeginiň zähmet ulgamyna we işgärleriň durmuş goragyna ýetirýän täsirleri bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Seminaryň gatnaşyjylaryna Azerbaýjanyň Kärdeşler Arkalaşyklary Konfederasiýasynyň başlygy Sahyb Mamedow, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň we beýleki degişli düzümleriň wekilleri gutlag sözleri bilen ýüzlendiler.

TKAMM-niň başlygy Oguljennet Berdiliýewa öz çykyşynda häzirki döwürde howanyň üýtgemeginiň zähmet bazaryna, ilatyň iş bilen üpjünçiligine hem-de işgärleriň durmuş abadançylygyna düýpli täsir ýetirýändigini belledi. Şeýle hem ol kärdeşler arkalaşyklarynyň durnukly we “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş döwründe durmuş adalatlylygynyň ýörelgelerini ilerletmekde, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem-de zähmetkeşleriň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Seminaryň dowamynda adalatly geçiş, durmuş gorag ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär endiklerini ösdürmek hem-de halkara kärdeşler arkalaşyklary hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. ILO-ACTRAV-nyň wekilleri işgärleriň bähbitlerini we mynasyp zähmet ýörelgelerini nazara almak arkaly howa syýasatyny kemala getirmegiň halkara çemeleşmeleri bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hukukçysy Mekan Öwezow panel maslahatlarynyň dowamynda howa özgertmeleri şertlerinde işgärleriň zähmet hukuklaryny goramagyň hukuk mehanizmlerini kämilleşdirmegiň, durmuş dialogy ulgamyny berkitmegiň hem-de howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak we zähmet gatnaşyklaryny häzirki zaman ekologiýa hem-de ykdysady kynçylyklaryna laýyklaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminaryň gatnaşyjylary howanyň üýtgemeginiň durnukly ösüşi, durmuş durnuklylygyny we işgärleriň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen döwletleriň, iş berijileriň hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň tagallalaryny birleşdirmegi talap edýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň, durmuş jogapkärçiliginiň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy üpjün edýän adalatly geçiş ýörelgelerini ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bu halkara seminara gatnaşmagy türkmen kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara hyzmatdaşlygy, işgärleriň hukuklaryny goramak hem-de durmuş adalatlylygy we durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan ählumumy howa gün tertibini goldamak meselelerinde işjeň ornunyň nobatdaky beýany boldy.

 

Mekan Öwezow, TKAMM-niň hukukçysy

Degişli Habarlar