Düşenbe, Täjigistan, 2026-njy ýylyň 1-nji iýuly – Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Reaglament we Döwlet Dumasynyň işini üpjün etmek boýunça komissiýasynyň başlygy, Ähliumumy kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň (ÄKAK) baş sekretary Wiktor Pinskiý 1-nji iýulda Düşenbe şäherinde geçirilen Ähliumumy kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň Geňeşiniň mejlisini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kärdeşler arkalaşyklary üçin taryhy waka diýip atlandyrdy.
«Ähliumumy kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň Geňeşiniň mejlisi biziň halkara guramamyzyň 34 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Täjigistanyň paýtagty Düşenbe şäherinde geçirildi. Bu Arkalaşygyň ýurtlarynyň bütin kärdeşler arkalaşygy hereketi üçin taryhy wakadyr. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň milli kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň wekilleri özleriniň bu ýerdäki gatnaşmagy arkaly kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň durmuş-zähmet bähbitlerini goramakda biziň umumy raýdaşlyk we agzybirlik ýörelgelerimizi tassyklaýarlar. Biziň ýurtlarymyz taryhy we çäki taýdan hemişelik baglanyşyklydyr, biz bir dilde gürleşýäris, ykdysadyýetlerimiz çuňňur integrasiýalaşan, Arkalaşygyň içinde migrasiýa, şol sanda zähmet migrasiýasy dowam edýär. Şonuň üçin raýatlygyna garamazdan işgärleriň özlerini amatly duýjak, zähmet hukuklaryny goramagyň umumy, düşnükli we aýdyň mehanizmleri hereket etjek umumy giňişligi kemala getirmegi dowam etdirmek örän möhümdir» — diýip, Wiktor Pinskiý aýtdy.
Wiktor Pinskiniň belleşi ýaly, eýýäm ikinji ýyl yzygiderli geçirilýän göçme çäreler milli kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň janly we şahsy gatnaşyklara bolan isleginiň häzirki wagtda hiç wagt bolmadyk ýaly aktualdygyny görkezýär.
«ÄKAK-nyň ähli çärelerine hut şahsy we göni gatnaşylmagy biziň umumy garaýşymyzy kemala getirmek işini has çalt we netijeli edýär, diňe bir kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda däl, eýsem tutuş GDA ýurtlarynyň arasynda hem özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barha artýar» — diýip, ol belledi.
Mejlisiň esasy ara alnyp maslahatlaşylan temasy GDA agza döwletleriň durmuş hyzmatdaşlygy ulgamyny kämilleşdirmek meselesi boldy.
ÄKAK Geňeşiniň göçme mejlisi Täjigistanyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň hem-de bu federasiýanyň başlygy Karahon Çillazodanyň çagyrmagy boýunça geçirildi.
Çärä Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň milli kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň wekilleri hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň 20 sany halkara pudaklaýyn birleşigi gatnaşdy. Mundan başga-da, ÄKAK Geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek myhman hökmünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Begenç Baýramow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygyň orunbasary.