Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Belent Mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda asyrlara ýaň saljak tutumly işler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň açylmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň binasynda dabaraly maslahat çäresiniň geçirilmegi, çärä gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, ýüreklerini joşa getirdi. |Häzirki wagtda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli halkymyza iň ajaýyp sowgatlarynyň biridir.
Geljegiň şäheriniň ajaýyp binalarynyň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklaryny gündizki, gijeki gözel görnüşlerini açyp görkezýän, möhüm ekologik talaplara aýratyn üns berlip, desgalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler peýdalanylyp şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän desgalaryň we ýaşaýyş jaýlaryň gurulyp, degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri üpjün edilip, ähli amatlyklary özünde jemleýän, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelýän bagtyýar maşgalalaryň şatlyklarynyň buýsançlarynyň çägi ýok.
Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitap hem halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň täze şäheriň düýbi tutulan pursadyndan başlap, bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.
“Geljegiň şäheri” diýip doly derejede atlandyryp boljak Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäheriň açylyşynyň 3 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy, türkmen döwletiniň halkara abraýynyň arşa göterilmegi üçin gijesini gündiz edip işleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun.
TKAMM-yň Guramaçylyk we medeni-köpçülik
işleri bölüminiň esasy hünärmeni Tawus Çaryýewa