Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gurnamagynda 2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: türkmen milli atçylyk sungatynyň halkara abraýynyň dünýä dolmagy atly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Halkymyz bedew aty rowaçlygyň nyşany hökmünde milli gymmatlygy, baýlygy saýylýandygy, Ahalteke bedewiniň gözelligi türkmeniň milli atçylyk sungatynyň halkara abraýynyň dünýä dolmagy, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we Garaşsyzlygyň beren miweleri we onuň ähmiýeti dogrusynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Belent Mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny we Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, boýunça beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ençeme taryhy wakalaryň şaýady bolup, şu şanly ýylda gurulýan täze desgalar, senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar uly maksatlara we myratlara tarap ynamly gadam urulýandygyny, bir söz bilen aýdylanda, biziň nurana ýylymyzyň çuň manyly şygary bütin halkymyzy täze taryhy üstünliklere, ylmy açyşlara we halkara derejedäki ýeňişlere ruhlandyrýan egsilmez güýçdigi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi we maslahata gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Şeýle hem Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa etdildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň Guramaçylyk we
medeni-köpçülik işleri bölüminiň
esasy hünärmeni Tawus Çaryýewa