Ženewada geçirilýän Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gilbert Hungbo bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de HZG-niň alyp barýan işiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy hem-de zähmet we durmuş goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşykda iki tarap hem işjeň dialogy dowam etdirmäge hem-de bilelikdäki başlangyçlary ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.