2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň mejlisler binasynda energetika pudagynyň edara-kärhanalarynyň, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmaklarynda sentýabr aýynyň 23-ne geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan çözgütleriň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Geňeşli iliň döwletli ýoly” atly dabaraly maslahaty geçirildi. Masahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, energetika pudagynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarydyr hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary çykyş etdiler.
Çykyşlarda bellenilşi ýaly Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň öňsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi babatynda taryhy ähmiýetli çözgütler döwletli geňeş il agzybirliginiň aýnasyna, milli döwletliligiň kämil nusgasyna, halk bilen häkimetiň mizemez bitewliliginiň güwäsine öwrüldi. Türkmen döwletiniň halk döwletidigini halkymyzyň iň asylly ýörelgeleriniň döwlet syýasaty derejesinde göterilendigini ýene bir gezek jümle - jahana yaýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.