TK |
|
TKAMM logo
Hünär  baýramçylygy
Hünär  baýramçylygy
Hünär  baýramçylygy
28.10.2026 Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Hünär  baýramçylygy

Berkarar döwletiň täze  eýýamynyň  Galkynyşy döwründe gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy  we senagat  pudaklaryny  ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürülýän  önümleriň  we edilýän hyzmatlaryň  möçberini artdyrmakda hem-de  täze  belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň  halal  we tutanýerli  zähmetini  dabaralandyrmak  maksady  bilen,  Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gurluşyk we senagat toplumynyň  işgärleriniň gününi bellemek hakynda”  Kararyna laýyklykda, Gurluşyk we senagat toplumynyň  işgärleriniň güni her  ýylyň 3-nji  noýabrynda bellenilýär.

        2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne Türkmenistanyň    Jemgyýetçilik      guramalarynyň     binasynda     Türkmenistanyň Gurluşyk we  senagat işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygynyň,  Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň  hem-de Awtoulaglar we ýol hojalygy  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda “Gurluşyk  we  senagat  toplumynyň  batly  gadamlary”  atly  aýdym-sazly  dabaraly  maslahaty “Altyn  asyr”  teleýaýlymynyň  ýazgy  etmeginde geçirildi.

Dabaraly  maslahaty Türkmenistanyň  Energetika  ministrliginiň  “Energohyzmat”    birleşiginiň    folklýor - etnografiýa studiýasynyň “Serpaý” döredijilik toparynyň  aýdym-sazly  çykyşlary  bezedi.

         Pudaklaýyn kärdeşler  arkalaşyklarynyň Geňeşleri  2026-njy ýylyň 3-nji  noýabrynda belleniljek Gurluşyk we  senagat  toplumynyň  işgärleriniň  güni  mynasybetli,  Aşgabat  şäherinde  ýerleşýän   pudagyň  edara - kärhanalarynyň  we  okuw  mekdepleriniň  KA-nyň   işjeň  agzalaryny  TKA-nyň  Milli   merkeziniň  ýadygärlik  sowgatlary   bilen   höweslendirdiler.

Aýdym-sazly  dabaraly  maslahata  gatnaşyp  çykyş  eden Aşgabat  şäherinde  ýerleşýän   pudaklaryň  edara - kärhanalarynyň  we  okuw  mekdepleriniň  kärdeşler  arkalaşyklarynyň  işjeň  agzalary buýsançly  çykyşlarynda  Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz, Arkadagly  Gahryman   Serdarymyzyň  janlarynyň  sag,  ömürleriniň  uzak bolmagyny,  alyp  barýan  umumadamzat  bähbitli  işleri  rowaçlyyklara  beslenmegini  arzuw  edip,  çäksiz  alkyşlaryny beýan  etdiler.

 

  Türkmenistanyň  Energetika    

  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

          Geňeşiniň esasy  hünärmeni A.Pirnazarowa.                               

 

Degişli makalalar