TK |
|
TKAMM logo
DÖWLETLI ILIŇ ABADAN ÝOLY
24.10.2026 Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

DÖWLETLI ILIŇ ABADAN ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Döwletli iliň abadan ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Serpaý» folklor aýdym-saz toparynyň sungat ussatlary Watanymyzyň ösüşlerini we döwlet Baştutanlarynyň il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çäre «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Maslahatda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenilip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan işlerine üstünlikler arzuw edildi.

 

Maral DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Degişli makalalar