TK |
|
TKAMM logo
Energetika  pudagynda  geçirilen  çäre
Energetika  pudagynda  geçirilen  çäre
12.11.2026 Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Energetika  pudagynda  geçirilen  çäre

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynyň we okuw mekdepleriniň işgärleri bilen Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, adam söwdasynyň, nika bozulmalarynyň we öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny, psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan Watanymyza uly buýsanç,     çäksiz     söýgi     hem-de    wepalylyk   ruhunda    terbiýelemek     maksady  bilen,  wagyz-nesihat ýygnagy  geçirildi.

Bu  çärede  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,  Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň,  Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň,  Türkmenistanyň  Ýokary  kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik  guramalarynyň  wekilleri hem-de Türkmenistanyň Müftüsiniň  müdiriýetiniň  Hezreti Osman metjidiniň baş ymamy, Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň lukmany  gatnaşyp  çykyş  etdiler. 

 Olar ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, adam söwdasynyň, nika bozulmalarynyň we öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny, psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada wagyz-nesihat ýygnagyna gatnaşan   işgärlere  giňişleýin  düşünje  berdiler.

Çykyş  edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de belent bolmagyny arzuw edip, öz çykyşlaryny jemlediler.

 

A.Pirnazarowa, Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň  esasy  hünärmeni

Degişli makalalar