Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmetkeşleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmekde hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işini döwrebaplaşdyrmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 12-16-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan okuw-maslahaty geçirildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň edara-kärhanalarynyň we okuw mekdepleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işiniň esasy ýörelgeleri» atly çärä Aşgabat, Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan 39 sany ilkinji guramanyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Okuw-maslahatynyň dowamynda ilkinji guramalaryň işini kämilleşdirmek, resminamalary talabalaýyk ýöretmek, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak we işgärleriň zähmet hukuklaryny goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylaryň özara tejribe alyşmagyna, guramaçylyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem pudaklaýyn Geňeş tarapyndan taýýarlanan esasy resminamalaryň elektron görnüşleri paýlandy.
Çäräniň çäklerinde kiçi futbol boýunça sport ýaryşy guraldy we gatnaşyjylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine gezelenç etdiler.
Okuw-maslahatynyň netijeleri boýunça 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda pudaklaýyn Geňeş tarapyndan degişli karar kabul edildi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine maglumat berildi.
Bu okuw-maslahaty kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işini kämilleşdirmekde, işgärleriň hünär başarnyklaryny ösdürmekde we zähmetkeşleriň bähbitlerini goramak boýunça işleri has-da netijeli guramakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ç. Gurbanow
Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi.