TK |
|
TKAMM logo
GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY
GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY
15.09.2026 Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde ösüşlerden ösüşlere barýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzda dürli mazmunly medeni-köpçülikleýin çäreler giňden geçirilýär. Şolaryň biri-de 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik boldy.

Çärä Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, medeniýet we energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hem-de medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Aýdym-sazly söhbetdeşlikde Garaşsyzlygyň türkmen halkynyň durmuşyndaky taryhy ähmiýeti, ýurdumyzyň ösüşleri we bagtyýar durmuşy barada täsirli söhbetler edildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary çäräniň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Garaşsyzlyk — halkymyzyň milli buýsanjynyň, döwlet berkararlygynyň we Watana bolan çäksiz söýgüsiniň mizemez gözbaşydyr. Ol türkmen halkyny beýik maksatlara we täze üstünliklere ruhlandyrýan mukaddes gymmatlygymyzdyr.

Maral Durdyýewa,

Türkmenistanyň  Energetika  işgärleriniň kärdeşler  arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy  hünärmeni.

Degişli makalalar