Şu gün Jemgyýetçilik guramalaryň merkezinde Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň, Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Gurluşyk we senagat toplumynyň batly gadamlary” atly dabaraly, aýdym-sazly maslahaty geçirildi.
Maslahata pudaklarda zähmet çekýän öňderayjy işgärleri, kärdeşler arkalaşygyň ilkinji guramalaryň başlyklary hem-de gaznaçylary gatnaşdylar, çuň manyly-mazmunly çykyş etdiler. Täze taryhy eýýamda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýol-gurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň önümçilik kärhanalarynyň Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alyp barýan gurluşyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýändigini aýratyn bellemek gerek.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, himiýa senagatyny ösdürmäge hem döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär, pudaga uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Netijede, bu ulgam häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan we çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Maslahatyň ahyrynda pudagyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärlerine, kärdeşler arkalaşygyň işjeň agzalaryna ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bize şu ajaýyp zamanada işlemäge, döretmäge, gurmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ýazjeren Mawsumowa, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi boýunça esasy hünärmeni.