Her gün ir bilen müňlerçe adam öz iş ýerine tarap ýola düşýär. Kimdir biri önümçilik kärhanasynyň bosagasyndan ätleýär, kimdir biri gurluşyk meýdançasyna barýar, başga biri bolsa edara-kärhanada täze iş gününi garşy alýar. Olaryň her birini birleşdirýän iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde iň gymmatly garaýyş bar: zähmet gününiň ahyrynda sag-aman öýe dolanmak. Çünki zähmetiň aňyrsynda diňe öndürilen önüm ýa-da ýerine ýetirilen iş däl, eýsem adamyň ömri, saglygy, wagty we yhlasy dur.
Adam zähmeti bilen gurýar, döredýär, öz durmuşyny we jemgyýetiň geljegini kemala getirýär. Şonuň üçin iş ýerinde howpsuz şertleriň üpjün edilmegi önümçilik düzgünleriniň çäginden has giň düşünjedir. Ol işgär bilen iş berijiniň arasyndaky jogapkärçiligiň, jemgyýet bilen adamyň arasyndaky ynamyň möhüm ölçegidir.
Häzirki döwürde bolsa bu ugur täze mazmuna eýe bolýar. Tehnologiýalaryň ösmegi, önümçiligiň döwrebaplaşmagy, täze hünärleriň peýda bolmagy bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi ýaly daşky şertler hem zähmet gurşawyna täsir edýär. Netijede hünär töwekgelçiliklerini diňe ýüze çykandan soň aradan aýyrmak däl-de, olary öňünden kesgitlemek, bahalandyrmak we öňüni almak döwrüň möhüm talaplarynyň birine öwrülýär.
Bu işde dürli taraplaryň öz ornuny dogry kesgitlemegi zerurdyr. Döwlet degişli hukuk binýadyny we syýasaty kemala getirýär, iş beriji iş ýerindäki şertleriň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik çekýär, işgär bolsa öz zähmetiniň howpsuz guralmagyna gatnaşýar. Kärdeşler arkalaşyklary bolsa şu gatnaşyklaryň arasynda işgärleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini gorap, sosial hyzmatdaşlygyň netijeli ýola goýulmagyna ýardam edýär.
Şu meseleler 2026-njy ýylyň 11–12-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen zähmet howpsuzlygy we işgärleriň hukuklaryny goramak boýunça halkara maslahatynyň hem üns merkezinde boldy. Dürli ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda döwlet, iş beriji we işgärleriň wekilleri bolan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygy, hünär töwekgelçilikleriniň öňüni alyş usullary hem-de zähmet hukuklaryny goramagyň häzirki zaman çemeleşmeleri barada pikir alşyldy.
Bişkekde geçirilen halkara maslahatyň dowamynda öňe sürlen garaýyşlar zähmet howpsuzlygynyň diňe bir aýratyn iş ýeriniň meselesi däldigini, onuň adam hukuklary, sosial hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş bilen berk baglanyşykly giň jemgyýetçilik meselesidigini görkezdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we
senagat işgärleriniň KA-nyň
Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow