TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy / «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» — bagtyýar çag…
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» — bagtyýar çagalygyň dabarasy
20.08.2026 Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» — bagtyýar çagalygyň dabarasy

           Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy we döredijilik başarnyklaryny ösdürmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şol asylly başlangyçlaryň aýdyň beýany hökmünde her ýyl geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň ähmiýeti uludyr.

 Çagalar dünýäsiniň özboluşly baýramçylygyna öwrülen bu sergide çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen okuw esbaplary, kitaplar, dürli görnüşli oýunlar, sport serişdeleri, egin-eşikler, elektron önümler we beýleki döwrebap harytlar giňden görkezilýär. Şeýle hem ussatlyk sapaklarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň we tanyşdyryş çäreleriniň geçirilmegi serginiň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

        Bu sergi diňe bir täze önümleri görkezýän meýdança bolman, eýsem çagalaryň başarnyklaryny ýüze çykarmaga, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we täze mümkinçilikler bilen tanyşmaga şert döredýän möhüm çäredir. Ýaş nesliň dürli ugurlara bolan gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam edýän şeýle çäreler olaryň giň dünýägaraýyşly we döredijilikli bolup ýetişmeginde aýratyn orun eýeleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim almagy, sagdyn ösmegi we boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Täze çagalar baglarynyň we mekdepleriň, sport hem-de dynç alyş toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýaş nesle edilýän döwlet aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň milli ýörelgelerinde çaga aýratyn söýgi, hormat we alada bilen garamak asylly däpleriň biri bolupdyr. Bu däp häzirki döwürde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde täze mazmunda dowam etdirilýär. «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» sergi-ýarmarkasy hem çagalaryň bagtyýar geljegine gönükdirilen şeýle möhüm çäreleriň biridir.

Ýaş nesliň şatlygy we röwşen geljegi ýurdumyzyň ertirki ösüşleriniň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, çagalaryň bilimini, başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen halkara çäreleriň ähmiýeti örän uludyr.

         Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda şeýle halkara sergileriň geçirilmegini arzuw edýärin! Şeýle ajaýyp zamanada bize bu halkara sergileri gurnamaga, gatnaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlary aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi R. Sahatow

 

 

 

Degişli makalar