TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy / «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara s…
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka   bagtyýar çagalygyň, ýagty geljegiň we täze mümkinçilikleriň baýramy
20.08.2026 Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka   bagtyýar çagalygyň, ýagty geljegiň we täze mümkinçilikleriň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat ýene-de bir gezek halkara ähmiýetli möhüm çäräniň dabaraly geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu gün paýtagtymyzda öz işine başlan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň beýany bolup, çagalaryň dünýäsini täze öwüşginler bilen baýlaşdyrýan giň gerimli çärä öwrüldi.

Çaga — halkyň geljegi, ýurduň ertirki gününe bolan ynamydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri perzendiň terbiýesine, bilimine, saglygyna we bagtyna aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Şu gün bu asylly ýörelge döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Ýaş nesli ýokary hünärli, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, döwrebap bilimlerden we iň täze tehnologiýalardan baş çykarýan şahsyýetler edip ýetişdirmek ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

 

Şu maksat bilen ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim almagy, sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmegi we boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Täze çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we medeni-dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaş nesle edilýän döwlet aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl giň gerimde geçirilmegi hem bu aladanyň özboluşly beýanydyr. Sergi çagalar üçin niýetlenen dürli harytlaryň we hyzmatlaryň diňe bir görkezilýän ýeri bolman, eýsem täze pikirleriň, innowasion çözgütleriň we döredijilik başlangyçlarynyň özara baglanyşýan giňişligidir.

Halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlary we hyzmatlary öndürýän kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, degişli guramalara öz döwrebap önümlerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny, täze taslamalaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny giň köpçülige tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, tejribe alyşmaga we çagalar üçin niýetlenen önümleriň hilini hem-de mazmunyny has-da kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Häzirki döwrüň bilim ulgamy diňe bir bilim berýän gurşaw bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýaş nesliň döredijilik ukybyny, dünýägaraýşyny, ahlak gymmatlyklaryny we täzeçillige bolan höwesini kemala getirýän uly mekdebe öwrülýär. Sanly tehnologiýalaryň we döwrebap okuw usullarynyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy ýaşlara täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Şu nukdaýnazardan seredilende, «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň ähmiýeti has-da aýdyň görünýär.

Serginiň çäklerinde çagalaryň aň-paýhas ösüşine, döredijiligine, aýdym-saza, sungata we sporta bagyşlanan dürli bölümleriň, çäreleriň we çykyşlaryň guralmagy onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Şeýle çäreler çagalaryň öz zehinini açyp görkezmegine, täze başarnyklary özleşdirmegine, deň-duşlary bilen pikir we tejribe alyşmagyna giň mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy sözüň doly manysynda çagalaryň şatlygyny, döredijiligini we täze açyşlaryny birleşdirýän baýramçylyk meýdançasyna öwrülýär. Bu ýerde çaganyň kiçijik arzuwynyň uly maksada, gyzyklanmasynyň bolsa täze başarnyga öwrülmegi üçin giň ýol açylýar. Her bir sergi bölümi, her bir döredijilik çäresi ýaş nesliň dünýäni öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar.

Çaganyň şat gülküsi — bagtyýar durmuşyň, onuň bilim almaga bolan höwesi bolsa ýagty geljegiň alamatydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda çagalar üçin döredilýän her bir mümkinçilik, geçirilýän her bir çäre geljegiň berk binýadyny kemala getirýär.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy mynasybetli ähli gatnaşyjylary, ýaşlary, ene-atalary we bu şatlykly çäräniň myhmanlaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, bu sergi täze başlangyçlaryň, gyzykly açyşlaryň, döredijilik üstünlikleriniň we ýatdan çykmajak pursatlaryň mekany bolsun!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna geçirilýän şeýle halkara ähmiýetli çäreleriň sany barha artsyn! Çagalaryň ýüzündäki şatlyk, kalbyndaky ynam we gözlerindäki nur ýurdumyzyň ertirine bolan beýik ynamyň nyşany bolup hemişe parlasyn!

Şeýle ajaýyp zamanada ýaş nesle döwrebap bilim almaga, döredijilik bilen meşgullanmaga, dünýäniň iň täze gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin! Goý, eziz Watanymyzda çagalaryň şat gülküsi, ýaşlaryň bagtyýar geljege bolan ynamy we halkymyzyň agzybirligi hemişe dabaralansyn!

 Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygyboýunça utgaşdyryjysy,Geňeşiň başlygy R.Rahmanow

Degişli makalar