Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz şatlyk-şowhuna, üstünliklere beslenip geldi. Bu döwür taryhy özgertmeleriň döwri. Bu gün haýsy tarapa baksaň görlüp eşdilmedik ösüşleri, özgerişleri görýärsiň. Hormatly Prezidentimiz geljekde bitirilmeli işlere ýol görkezýär. Ine, biziň her birimiz şeýle beýik döwrüň şaýatlary bolup durýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda halkymyzyň durmuşynyň abadan, parahat bolmagy üçin il-ýurt bähbitli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine anyk tabşyryklary berip, edara-kärhanalarda zähmeti goramak we howpsuz iş şertleriniň döredilmegi bilen bagly barlaglary geçirmek, şeýle hem kanunçylyk namalaryny düşündirmek, wagyz etmek we okuw maslahatlarynyň many-mazmunyny kämilleşdirmek we ygtyýarly edilen döwlet edaralaryna teklipleri taýýarlamak hem-de ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, döredilen iş orunlarynda howpsuz şertleri döretmek bilen bagly gözegçiligi amala aşyrmak, olaryň zähmet hukuklaryny hem borçlaryny düşündirmek, işjeňligi ýokarlandyrmak maksady bilen biz hem degişli edara-kärhanalarymyzda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy babatynda degişli işleriň ýerine ýetirilişine ýörite döwlet gözegçiligini “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli edaralary gözegçilik edýär we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň pudaklaýyn Geňeşleriniň tehniki gözegçileri jemgyýetçilik esaslarynda gözegçiligi amala aşyrýar.
Edara-kärhanalarda iş beriji we edaranyň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan deň derejedäki düzülen bilelikdäki topar döredilip iş şertleriniň ýagdaýyna hemişe gözegçilik amala aşyrylýar. Gözegçiligiň esasy maksady işgärleriň iş ýerlerinde olaryň saglyga we özüne howp salýan ýagdaýlary aradan aýyrmak, önümçilikde döräp biläýjek şikeslerden hem-de betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almakdan ybarat bolup durýar. Zähmetiň zyýanly, howply şertlerinde işleýan işgärleriň ýörite gorag serişdeleri, geýimler we aýakgaplar bilen üpjünçiligi, Süýt we süýt önümleri, gök çaý, derman gutylar bilen üpjünçiligi, lukmançylyk gözegçiliginiň geçirilişi, goşmaça rugsatlaryň we goşmaça tölegleriň tölenilişi, önümçilige howpsuzlyk sertifikatlarynyň hem-de ätiýaçlandyrmalaryň bolmagy, degişli giriş we çärýekleýin gözükdirmeleriň geçirilişi, iş orunlarynyň hünär synagynyň geçirilişine gözegçilik geçirilýär.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokary derejelere ýetirmekde, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde taýsyz tagallalary eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömrleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi R.Sahatow.