TK |
|
TKAMM logo
"ILKINJI ÄDIM”
"ILKINJI ÄDIM”
12.10.2026 Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

"ILKINJI ÄDIM”

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy esasynda ýurdumyzda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalaryndan bolýan  heläkçilikleriň öňüni almak we olary düypli azaltmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrylmak maksady bilen “Ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek” atly  bir aýlyk çäreleri geçirilýar. 

Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda  Türkmenistanyň kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň gurnamagynda we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi polisiýanyň kapitany Abraý Ýusupow gatnaşmagynda, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat  çäresi geçirilýär.

“Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň zähmetkeş köpçüligi üçin geçirilýän çäreler, ýurdumyzda uly işleriň amala aşyrylýandygy we olaryň ähmiýeti, ýol hereketiniň düzgünleri barada gürrüňler, düşündiriş maslahat işleri geçirilýar. Mundan başgada çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak ene-atalar üçin möhüm meseleleriň biridir. Ulular diňe bir elýeterli  görnüşde düşündirmek bilen çäklenmän, çagalarda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek we olara eýermek endiklerini hem terbiýelemeli. Hormatly çagalar üçin, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edilşiniň, ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy şygary bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň hünärmeni D.Amanyradow bilen bilelikde taýarlanylan  “Ilkiji ädim” atly  çaga ýol hereketiniň kadalary barada maglumatlar kitapçasy çap edildi. Islendik zadyň edebiniň bolşy ýaly, ýollaryň hem öz tertip-düzgüni bolup ýerine ýetirilmeli hökmany kadalary bolýar. Bu ilkinji nobatda, adamyň öz howpsuzlygy üçin wajyp işleriň biri bolup durýar. Ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ilkinji nobatda herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişine bagly. Bu düzgünleriň berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem her bir raýatyň borjy bolup durýar.

Hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza,  biziň şeýle asuda, parahat durmuşda ýaşap häzirki zaman dünýa standartlaryna laýyk gelýän derejede okamaga, işlemäge, üstünlikleri gazanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun we tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

“Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň

ilkinji guramasynyň başlygy Nabat Arazowa

Degişli makalalar