TK |
|
TKAMM logo
TÜRKMENISTAN BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY
26.06.2026 Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

TÜRKMENISTAN BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir çaganyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy babatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler alnyp barylýar. Döwlet ýolbaşçylarymyzyň pähim-parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň jana şypaly ýerleri bolan Köpetdagyň eteginde, Hazaryň merjen kenarynda, welaýatlarda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin çagalar sagaldyş we dynç merkezleri, sport desgalary, çagalar baglary, mekdepler gurulyp, mähriban çagalarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, Watana wepaly, päk ahlakly, giň gözýetimli, ula-kiçä hormat goýýan kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär.

 Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan, gyzykly many-mazmunly, peýdaly geçirmekleri barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda hem sapaly goýnuny bagtyýar nesillere giňden açdy. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde şu günler bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi uly şatlyk-şowhun bilen dowam edýär.

 Ýurdumyzyň gözel künjegine öwrülen Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezine, Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesiller uly höwes bilen gelýärler.

 Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň buýurmasy esasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup 2010-njy ýylyň 1-nji iýunynda ulanylmaga berlen “Daýanç” sagaldyş merkezi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatymyzyň saglygyny dikeltmek hem-de olaryň dynç alşyny guramak barada edýän atalyk aladalarynyň miwesidir. 

 Merkeziň umumy tutýan meýdany 7,3 ga bolup, ol ýerde ulularyň 120 siniň we çagalaryň 280-siniň bir wagtda rahat dynç almaklary we wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. 

 Merkeziň çagalara degişli bolan umumy ýaşaýyş toplumynda tomus möwsüminde dowamlylygy 10 günden ybarat bolup, 6 tapgyrda çagalar kabul edilýär. 

 Bu ýere öz saglyklaryny bejermek we medeni ýetli dynç almak üçin ýurduň we daşary ýurtlaryň dürli künjeklerinden çagalar we uly ýaşlylar gelýärler. Şunlukda, sagaldyş merkeziniň 400 ornunyň 280-si çagalara degişlidir. “Daýanç” bütin ýylyň dowamynda dynç alynýan merkez bolup diňe tomus möwsüminde bu ýerde mekdep okuwçylarynyň 1680-siniň dynç almaklyga mümkinçiligi bar.

 Sebäbi bu merkezde çagalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Bu ýerde dynç alýan çagalar, wagtynyň köp bölegini döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dürli gurnaklara niýetlenen otaglarda, okalga zallarynda, aýdym-saz, şekillendiriş otaglarynda geçirýärler. Ýaş nesilleriň sporta, bedenterbiýä höweslerini artdyrmak üçin woleýbol, basketbol, tennis meýdançalarynda hem-de ýörite niýetlenen ýerlerde suwa düşmek bilen wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Dynç alyş merkeziniň çaga dünýäsine mahsus bezegler bilen bezelen döwrebap naharhanasy olaryň rahat naharlanmagy üçin örän amatlydyr.

 Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde ýörite meýilnama esasynda bäsleşiklerdir duşuşyklar, gyzykly syýahatlar yzygiderli guralýar. Geçirilen bäsleşikler ýaş nesilleriň sporta bolan söýgüsiniň has hem artmagyna uly ýardam edýär. Dynç alýan bagtyýar nesillerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri üçin döredip berýän şeýle mümkinçiliklerine hoşallyklaryny aýdyp, Watanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine, bagtly çagalaryň ýurduna öwürmek üçin jan aýaman zähmet çekýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

 

Jennet Agaýewa  

 Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň

 işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

 utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy

Degişli makalar