Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisiniň Iş meýilnamasyna laýyklykda 2026-njy ýylyň 25-26-njy iýuly aralygynda Aşgabat şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginde, Suw çüwdürimleri, seýilgähleri ulanmak we hyzmat etmek trestinde işgärleriň sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilişi, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly berjaý edilişi, zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişini öwretmek we usuly kömek bermek maksady bilen Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisiniň, Aşgabat şäher arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilknji guramasynyň başlygynyň, Suw çüwdürimleri, seýilgähleri ulanmak we hyzmat etmek trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilknji guramasynyň başlygynyň we şol kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça baş hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda usuly kömekler berildi we ýörite işgärler bilen duşuşyklar gurnaldy.
Geçirilen duşuşygyň dowamynda tehniki howpsuzlygynyň resminamalarynyň ýöredilişi, degişli işleriň alnyp barylyşy, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halk hojalygynda zähmeti goramagy dolandyrmagyň ýeke-täk ulgamynyň talaplaryna laýyklykda alnyp barlyşyna gözegçilik edildi.
Ady agzalan edaralarda ýörite buýruk bilen zähmeti goramaklygyň talaplarynyň ýerine ýetirilşine gözegçilik edýän iş beriji kärdeşler arkalaşygy bilen bilelike toparlar döredip, üç basgançakly gözegçiligi ýola goýmaklyk, zähmetiň zyýanly şertlerine degişli bolan işgärlere goşmaça tölegler bilen bir hatarda goşmaça zähmet rugsatlaryny bermeklik, degişli giriş we iş ýerleriniň gözükdirme kitaplaryny talaba laýyk ýöretmeklik barada işler geçirildi.
Kärhanalarda awtoulag saklanylýan ýörite ýerlerde, meýdançalarda ammarlarda ýangyn howpsuzlygyna garşy ot söndürijileriň toplumlaryny işjeň ýagdaýdaa saklamak, degişli işgärlere möwsümleýin ýörite iş geýimleridir aýakgaplary öz wagtynda bermek, kärhanalarda köçelerde arassaçylyk işlerini we beýleki işleri geçirýän işgärleri talabalaýyk howpsuzlyk ýol belgileri bilen üpjün etmeklik, müdirlikleriň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenlerine kompýuter, gözükdirme okuwlar geçmek üçin gollanmalar, görkezme esbaplar bilen üpjün etmeklik barada işler geçirildi.
Geljekde paýtagt şäherimiziň arassalygyny saklamak üçin kärhanalaryň öňünde goýulan wezipeleri göwnejaý ýerine ýetirmek maksady bilen, işgärleriň çekýän päk, halal zähmetine sarpa goýup, Türkmenistanda zähmeti goramak boýunça hereket edýän normatiw aktlardan ugur alyp, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini döretmek, işgärleriň şikes almalaryny we kesp-kär bilen baglanyşykly keselçiligi aradan aýyrmak, zähmeti dogry gurnamak, işgärleri ylmy taýdan esaslandyrylan standartlara laýyklykda işlenip düzülen ýokary netijeli gorag serişdeleri, duýduryş belgileri, ýöriteleşdirilen eşikler bilen üpjün edip, şeýle-de zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen “Zähmeti goramak - sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir ” ady bilen birnäçe işler geçirildi.
THUIKA-nyň tehniki gözegçisi: T.Hojamgulyýew