2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabatýylylyk” trestiniň mejlisler zalynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň gurnamagynda we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi polisiýanyň padpolkownigi Juma Pygyýew, Batyr Berkeliýew, Meýlis Nurgeldiýew gatnaşmaklarynda, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede “Aşgabatýylylyk” trestiniň Kärdeşler Arkalaşygy guramasynyň başlygy Mährijemal Myradowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny we hukuk namalaryny, şol sanda ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Mährijemal Myradowa öz çykyşynda, Ýurdymyzyň ýollarynda bolup geçýän ýol ulag hadysalarynyň bir bölegi sürüjileriň awtoulaglary ýokary tizlik bilen dolandyrmak, tehniki taýdan näsaz bolan ulaglary ulanmak, awtoulag dolandyrylanda ugruňy nädogry üýtgetmek, howpsuzlyk kemerini dakynmazlyk, hereket edýän ulag serişdesini dolandyrýan adam tarapyndan ünsi sowjy öjükli el telefonda gürleşmek, iýip-içmek, çilim çekmek, ýol hereketine gatnaşyjylary howlukdyrmak, çatryga gelip duranyňda pyýada geçelgesiniň üstünde ulagy saklamak, pyýadalaryň ýol hereketinde bellenilmedik ýerden geçmekleri, sürüjileriň biri-birine ýol bermezliginden, biri-birinden öňe geçip hereket etjek bolmagyndan, duýduryjy ugurukdyryjy belgilere üns bermezliklerinden, bellenen aradaşlygy sazlamazlykdan, seri dumanladyjy serişdeleri kabul edip herkete dowam etmekden, serhoş ýagdaýda ulagy dolandyrmakdan, ulaglaryna goşmaça enjamlaryň goýulmagy, gaty sesli audio-wideo enjamlaryny diňlemeklik ýaly düzgün bozulmalaryndan gelip çykýan bolsa, ýene bir esasy sebäbi ol hem howlukmaklyga ýol berip, bellenen hereket tizligini ýokarlandyrmak bilen baglanşyklydyr. Käbir sürüjiler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine biperwaý garaýarlar, geleňsizlige ýol berýärler. Ulag serişdesini ýokary tizlik bilen dolandyrmaklygyň howply ýagdaýlara, agyr ýitgilere, ýol ulag hadysalarynyň döremegine getirýändigini hemmelere mälimdir. Tizlik näçe ýokary boldugyça ýol ulag hadysasynyň döremek howpy şonçada artýar diýip giňişleýin durup geçdi.
“Aşgabatýylylyk” trestiniň Kärdeşler Arkalaşygy guramasynyň başlygy
Mährijemal Myradowa.