TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy / TOMUS  MÖWSÜMINIŇ  SOŇKY  DYNÇ  ALYŞ TAPGYRY
TOMUS  MÖWSÜMINIŇ  SOŇKY  DYNÇ  ALYŞ TAPGYRY
TOMUS  MÖWSÜMINIŇ  SOŇKY  DYNÇ  ALYŞ TAPGYRY
TOMUS  MÖWSÜMINIŇ  SOŇKY  DYNÇ  ALYŞ TAPGYRY
TOMUS  MÖWSÜMINIŇ  SOŇKY  DYNÇ  ALYŞ TAPGYRY
07.08.2026 Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

TOMUS  MÖWSÜMINIŇ  SOŇKY  DYNÇ  ALYŞ TAPGYRY

        2026-njy  “Garaşsyz,  baky  Bitarap  Türkmenistan -  bedew  batly  at-myradyň  mekany”  ýylynyň  tomus  möwsüminiň  soňky  dynç  alyş tapgyry  hem  gyzgalaňly  häsiýete  eýe  boldy.  

        Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Energohyzmat”  birleşiginiň     “Çynar”  çagalar  dynç  alyş merkezi Gökdere jülgesiniň gözel we täsin künjeginde ýerleşýär. Tomsuň  ilkinji günlerinden  başlap  merkez Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumyna girýän ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň degişli edara- kärhanalarynyň işgärleriniň  bagtyýar çagalaryny gujak açyp garşylady.

         Salkyn saýaly jülgäniň bu gözel künjeginde çagalar uly alada we söýgü bilen gurşalandan soň, olaryň şadyýan gülki sesleri örän joşgunly ýaňlandy. Dynç  alyş  möwsüminiň  soňky  tapgyrynda hem geçirilýän   medeni  çäreler,  sport    ýaryşlary we döredijilik  bäsleşikleri  çagalarda  ýatdan  çykmajak  täsirleri  galdyrdy. “Eli  çeper  gyzjagaz”  atly  örän  gyzykly we  çekeleňli  geçirilen  bäsleşigiň  ýeňijilerine Hormat  hatlary   hem-de  ýadygärlik  sowgatlary  gowşuryldy.

 

 Türkmenistanyň  Energetika    

 işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

 Geňeşiniň  esasy  hünärmeni  Aýgözel Pirnazarowa    

Degişli makalar