TK |
|
TKAMM logo
2026-2027-NJI TÄZE OKUW ÝYLY
2026-2027-NJI TÄZE OKUW ÝYLY
04.09.2026 Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

2026-2027-NJI TÄZE OKUW ÝYLY

    2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk  baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara toý-baýramlara beslenýär.

     Täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan dabara Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary  hem şatlyk-şowhuna beslendi. Altyn güýzüň ilkinji günündäki joşgunly dabara  Döwlet senasynyň ýaňlanmagy  bilen başlandy.  

     Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen baýramçylyk Gutlagy okalandan soňra ýaňlanan ilkinji jaň sesleri 2026-2027-nji okuw ýylyna badalga berdi.

     Ak geljegiň umyt güllerine deňelýän bagtyýar ýaşlarymyz özleri barada edilýän aladany, goldawy duýup ýaşaýarlar. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen kämil ýaşlarymyz  bilen  belent  maksatlarymyz myrat tapsyn!

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

       

       Türkmenistanyň Dokma senagaty

       işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

       Geňeşiniň başlygy Oguljeren Şyhyýewa.

Degişli makalalar