2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler Watanymyzyň ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna we jemgyýetimiziň jebisligine gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki ornuna berýän ýokary bahasy olaryň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, maşgala mukaddesliklerini gorap saklamakda we ýurduň ösüşine goşant goşmakda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Zenanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Şu ýylyň 7–9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň çäklerinde 7-nji oktýabrda «Parahatçylygy saklamakda, durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu çäre parahatçylygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi goldamakda we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenanlaryň ornunyň ähmiýetini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy hem döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny, milli gymmatlyklarymyzy hem-de zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny wagyz etmek boýunça edara-kärhanalarda tegelek stollary we düşündiriş çärelerini yzygiderli geçirýär.
Türkmen zenanlarynyň döredijilikli zähmeti, jemgyýetçilik işjeňligi we milli ýörelgelere ygrarlylygy ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we medeni ösüşine goşant goşýar. Parahatçylygyň, agzybirligiň we abadançylygyň bähbidine gönükdirilen döwlet syýasaty bolsa täze üstünliklere ýetmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Oguljeren ŞYHYÝEWA
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy