TK |
|
TKAMM logo
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
19.11.2026 Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň   many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, adam söwdasynyň, nika bozulmalarynyň we öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny, psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Aşgabat şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda  wagyz-nesihat çäresi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler jaýynda geçirildi.       Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala  getirmekde halallyk, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, bedenterbiýe,sport bilen meşgullanmak, ýaramaz, zyýanly endiklerden daşda durmak, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we milli ýörelgelerine eýermek, internetden maksatlaýyn peýdalanmak şeýle-de jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp barmagyň kada-kanunlaryny berk berjaý etmek, ýaramaz endikleriň  öňüni almak üçin düşündiriş işlerini güýçlendirmeklik barada maşgala bütewiligini we maşgala binýadyny berkitmek, täze giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işlerinde Türkmenistanyň  jemgyýetçilik guramalarynyň tutýan möhüm ornuny belläp, yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň gowy netijeleri berýändigini mundan beýläk hem wagyz-nesihat çäreleri has-da güýçlendirilmelidigi  barada  belläp geçdiler.  Mähriban halkymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýolundan öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, buýsançly belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.            

 

 

  Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň

      kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň

        başlygy Oguljeren Şyhyýewa.                                         

 

 

Degişli makalalar