Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän dokma pudagyna degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler jaýynda 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany”ýylynyň 7-9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýaghatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň kosultatiw duşuşygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen “Türkmenistan:Durnukly maksatlary we Dünýä ähmiýetli başlangyçlar” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary taryhy wakalar barada giňişleýin çykyş etdiler. Maslahatda edilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bize şeýle eşretli durmuşy, parahat döwri, bagtyýar eýýamy bagyş eden,Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun bolsun!
Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy
Oguljeren Şyhyýewa.