2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
Biziň ýurdumyzda türkmen zenanlaryna bagtyýar ýaşamaga, arkaýyn işlemäge, maşgala gurmaga, perzent terbiýelemäge döwlet tarapyndan ähli hukuklar, goldawlar berilýär we mümkinçilikler döredilýär. 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler jaýynda, Dokma pudagyna degişli Aşgabat şäherinde Dokma pudagyna degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda ,,Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirilen çärede ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlarymyz çykyş edip, Ýaşlaryň nika we maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmak, enäni we çagany goramak, nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüni ösdürmek hem-de watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek şeýle hem gelin-gyzlaryň arasynda halkymyzyň milli däp-dessurlaryny ösdürmek, ene-mamalarymyzyň gadymdan gelýän asylly häsiýetleri bolan maşgala ojagyna wepalylyk, zenan maşgala mahsus bolan salyhatlylyk ýaly, ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek barada çykyşlar edildi.
Gahryman Arkadagymyz: ,,Eziz Watanymyzda giň gerimli işleri amala aşyrmakda, ösüp gelýän nesillerimizi milli däplerimize we adatlarymyza laýyk terbiýelemekde, maşgala mukaddesliklerimizi hem-de jemgyýetimiziň jebisligini berkitmekde zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bar” – diýmegi türkmen zenanlarynda buýsanç duýgularyny döredýär.
Türkmen zenanlarynyň her biri bu gün ajaýyp zamanamyzda, bagtyýar durmuşymyzda hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan çäksiz hormatyna, ýurdumyzyň abraý mertebesini mundan beýläk-de rowaçlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşmak maksady bilen, önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler.
Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän Halkdyrys! - diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ýurdumyz abadan, asmanymyz arassa bolsun!
Türkmenistanyň Dokma senagaty
ministrliginiň ilkinji zenanlar
guramasynyň başlygy Oguljeren Şyhyýewa.