Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda has takygy 2026-njy ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at – myradyň mekany” ýylynyň 24-nji iýulynda BMG-yň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen ,, 2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly”atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň parahatçylygy dörediji daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň dünýäde barha artýan oňyn täsirine şaýatlyk edýär. Bu halkara resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwletiň çykyş etmegi hem ýurdumyzyň adamzadyň ähliumumy bähbitlerini nazarlaýan asylly başlangyçlarynyň dünýäde giňden ykrar tapýandygyny, halkara hukugy berjaý etmegiň we kämilleşdirmegiň häzirki döwürde örän derwaýys derejä çykandygyny görkezýär. Bitarap Watanymyzyň diplomatik üstünligini alamatlandyrýan bu waka ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy üpjün etmek boýunça taýsyz- tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkymyzy BMG-yň Baş Assambleýasynda ,,2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, halkara hukugyň binýadyny berkitmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Goý eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraýy, şöhraty hemişe belent bolsun.
Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň
başlygy O.Şyhyýewa.