TK |
|
TKAMM logo
AHALTEKE BEDEWLER BIZIŇ ŞAN ŞÖHRATYMYZ
09.09.2026 Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

AHALTEKE BEDEWLER BIZIŇ ŞAN ŞÖHRATYMYZ

 2026-njy ýylyň 09-nji sentýabrda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we “Altyn asyr” Türkmenistan Telewidenýe bilen bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk alyp galkynan diýar, bedew batly ösüş bilen dünýä ýaň salýar» atly aýdym-sazly dabaraly maslahaty geçirildi.Dabaraly maslahatda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy, hem-de ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerden ösüşlere barýan ýurdumyzyň hem ahalteke atlarynyň gözellik we atly sport bäsleşikleri barada giňişleýin çykyş etdiler. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bu işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň baş wezipesi hem halk baradaky aladadyr.

Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.Dabaraly maslahatda çykyş edenler Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň gazanan ykdysady sepgitleri, täze açylýan binalar, senagat we durmuş desgalary baradaky çykyş etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda “Altyn menzil”aýdym saz toparynyň orkestri we aýdymçylary çykyş etdiler.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Maksat Jumaýew uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris diýip çykyşyny tamamlady.

Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Jumaýew Maksat.

Degişli makalalar