TK |
|
TKAMM logo
Halk maslahaty — jebisligiň nusgasy
25.08.2026 Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Halk maslahaty — jebisligiň nusgasy

Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Altyn Asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty — jebisligiň nusgasy» atly söhbetdeşlikli gepleşik geçirildi.

Gepleşikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýän 2026-njy ýylda ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm işler, Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy hem-de Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipeler barada gürrüň edildi.

15-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda karar kabul edildi.

Söhbetdeşlikde Halk Maslahatynyň milli jebisligi, agzybirligi we döwlet bilen halkyň sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilýändigi bellenildi.

Gepleşigiň ahyrynda Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Maksat Jumaýew Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Jumaýew Maksat.

 

Degişli makalalar