TK |
|
TKAMM logo
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy
19.08.2026 Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy

 

2026-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi.

Üç günüň dowamynda dowam eden sergide çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen okuw we neşir önümleri, oýunjaklar, egin-eşikler, sport we elektron harytlar, şeýle-de beýleki döwrebap önümler giňden görkezildi. Serginiň çäklerinde dürli döredijilik çäreleri, bäsleşikler we gyzykly ýaryşlar geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň degişli ugurda iş alyp barýan kompaniýalary, bilim edaralary we beýleki guramalar gatnaşyp, öz täze önümlerini, hyzmatlaryny hem-de döwrebap işläp taýýarlamalaryny hödürlediler. Sergi-ýarmarka netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Serginiň jemleýji dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme okaldy. Şeýle hem çärä işjeň gatnaşanlara we halkara küşt ýaryşynda ýeňiji bolan ýaş türkmen küştçilerine Hormat hatlary gowşuryldy.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzda ýaş nesle goýulýan aladanyň we olaryň bagtyýar geljegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň beýany boldy.

 “Türkmenhim” DLBS KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy
Sopyýewa Gülüstan

Degişli makalalar