2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň uly mejlisler zalynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň we olaryň netijesinde ýüze çykýan şikesleriň öňüni almak boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Şeýle hem degişli mowzuklara bagyşlanan gysga göwrümli wideofilmleriň görkezilmegi wagyz-nesihat işleriniň täsirliligini has-da ýokarlandyrdy.
Çärede Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Sadap Seýidowna çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylygyny we hukuk namalaryny, şol sanda ýol hereketiniň hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
Şeýle hem ýol-ulag hadysalarynyň we kanun bozulmalarynyň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, ýaramaz endikleriň zyýanly täsirlerinden daşda durmak hem-de milli ahlak ýörelgelerine eýermek boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriniň möhümdigi bellenildi.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy — her bir raýatyň ömrüne we saglygyna bolan jogapkärçiligidir. Şoňa görä-de, ýol hereketiniň düzgünlerini we ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berk berjaý etmek jemgyýetimiziň asuda we abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biridir.
Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Sadap Seýidowna.