2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi we ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» atly dabaraly maslahaty geçirildi.
Dabaraly maslahatda Hormatly Prezidentimiziň adalatly döwlet syýasatynyň barha rowaçlanmagy netijesinde ýurdumyzyň söwda ulgamyny dünýäniň ösen derejelerine ýetirmekde oňyn özgertmeleri bilen bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesilleriniň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gözel ahlakly, bilim-terbiýeli bolmagy, hünär öwrenmegi, geljekde ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin beýik işler durmuşa geçirilýär diýip giňişleýin çykyş etdiler.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-parasady netijesinde halkymyzyň ýagty ertirleriniň eýeleri bolan şu günki ýaşlarymyzyň edepli-terbiýeli bolmaklary, dünýä nusgalyk işleri alyp barmaklary üçin uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň ýaşlaryna okamaga, döretmäge we gurmaga ähli taraplaýyn oňyn şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Jumaýew Maksat.