2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Biznes reklama” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli yglan “Bedew batly Watanym, Garaşsyz Türkmenistanym” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda söwda we telekeçilik pudagyny ösdürmekde ýetilen belent, sepgitler, gazanylan üstünlikler barada iň gowy makalara ýazmak. Zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşigiň hem jemleri jemlenip, ýurduň çar künjeginden gelen ýeňijilermiz baýrakly orunlara mynasyp boldular. Soňra dabara estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri wasp edýän aýdym-sazlar bilen utgaşdy.
Çärede Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Maksat Jumaýew çykyş edip, Geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillere bilim bermekde bu ugurda ýyllap zähmet çeken tejribeli halypalaryň ýaşlara görelde bolýandygyny, olaryň işlerine döredijilikli çemeleşýändigini bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar diýip ähmiýetine ünsi çekdi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň aýdym saz toparynyň orkestri we aýdymçylary çykyş etdiler. Ýeňijilere guramaçylar toparynyň adyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Jumaýew Maksat.