Agzybirlik we jebislik biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen gelejegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz durnukly ösüşe eýe bolup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ata-babalarymyzdan bize miras galan döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygy bilen berkidilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň Kanstitutiýamyza esaslanan “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konistitusion kanunyna laýyklykda hereket edýän ýokary wekilçilikli edarasydyr. Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda jemgyýetdäki bähbitlerini sazlaşdyrmak döwlet derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Halk Maslahatynyň geçirilmegi ýaşulylar bilen ýaşlaryň arasyndaky milletimize mahsus bolan, nesilden-nesile geçip gelýän, edep-terbiýe mekdebimiziň has berk we mizemezligine aýdyň şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyz özleriniň durmuş tejribeleri netijesinde pähim-paýhasa ýugrulan jümleleri bilen ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge, döwrebap derejede kämilleşdirmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň özbaşdak ösüşi ýolynda gazanan üstünlikleri has giň gerime eýedir. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ösüşini üpjün edýär we belent özgertmeleri rowaçlandyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, täze ösüşler üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek maksatlaryndan ugur alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, täze özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini çekmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurda teklipleri taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, jemgyýetiň abadançylygyny berkitmek esasy wezipeler hasaplanylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly esasy ýörelgelere esaslanýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlaýan günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky sanynyň geçirilmegi biz ýaş nesli has-da buýsandyrýar. Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da arşa götermekde, halkymyzy baky bagtyýar durmuşda ýaşatmakda, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsynlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TKAMM-yň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň tehniki gözegçisi Gurdow Meýlis.