TK |
|
TKAMM logo
AK ŞÄHERIM AŞGABAT
AK ŞÄHERIM AŞGABAT
AK ŞÄHERIM AŞGABAT
19.05.2026 Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasaty netijesinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem paýtagtymyz üstünlikli dowam etdirilýän düýpli gurluşyklary, badalga berilýän täsin iri taslamalary bilen ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz her bir gurulýan desganyň ýaşamaga amatly bolmagy bilen bir hatarda, onuň daş-töweregindäki meýdançalaryň bezeg aýratynlyklaryny hem üns merkezinden düşürenok. Gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy, görenleri haýrana goýýan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri bolan ak şäherimiz Aşgabat bugün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýar. Her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli, 2026-njy ýylyň maý aýynyň 19-na TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň “Çeşme” toý zalynda “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada Watanymyzy, merjen şäherimizi wasp edýän birnäçe aýdymlar ýaňlandy. Baýramçylyk çärä gatnaşyjylar öz ýürek buýsançlaryny beýan edip Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni bilen gutladylar.

 

TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni

O.Orazmämmedowa.