Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk durnukly ösüşiň ýoly” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraly çäre “Altyn asyr – Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy uly dabara bilen bellenýändigi we Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler, ösüşler barada beýan etdiler. Baýramçylyk dabarada ussat sazandalaryň we aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde parahatçylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän şirin owazly aýdymlar we joşgunly sazlar belentden ýaňlandy.
Kerimowa Artykjemal,Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-gy boýunça esasy hünärmeni.