TK |
|
TKAMM logo
“Hünär bäsleşigi”
“Hünär bäsleşigi”
28.10.2026 Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

“Hünär bäsleşigi”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyz Türkmenistan ak bagtyň aýdyň ýollarynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –– bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip yglan edilen 2026-njy ýylda pul birligimiz bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 33 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň karz edaralary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjy toparlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, ýetilen belent sepgitleri şeýle-de häzirki döwürde Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we ony döwrebaplaşdyrmak boýunça ýola goýulýan işleriň netijesinde bank edaralary tarapyndan raýatlara goýulýan ýeňillikler dogrusynda çykyş etdiler. Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi: birinji tapgyra Türkmenistanyň ähli sebitlerinden, şol sanda Arkadag şäherinden bank işgärleri, ikinji tapgyrda bolsa Aşgabatda ýerleşýän banklaryň merkezi edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bank işinde ulanylýan kadalaşdyryjy hukuknamalar we ykdysady ugurlar boýunça geçirilen sowal-jogap alyşmalar has-da täsirli boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň döwletimiziň, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň özboluşly nyşany hökmünde milli buýsanjymyza öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Hünär bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.

 

 

Kerimowa Artykjemal,

Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-gy boýunça esasy hünärmeni.

Degişli makalalar