TK |
|
TKAMM logo
Dabaraly çäre geçiridi
19.08.2026 Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Dabaraly çäre geçiridi

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny  mynasyp sowgatlar bilen garşylamakda Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi-de özüne degişli bolan ilkinji guramalar bilen birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirýär. 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi we Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi bilen bilelikde Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde “Garaşsyzlyk durnukly ösüşiň ýoly” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraly çärede mukaddes sene        1991-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylan taryhy senedigini we halkymyzyň bagtly, erkin durmuşynyň binýadynyň berkidilen günidigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri dogrusynda giňişleýin aýdylyp geçildi. Aşgabat şäher häkimliginiň medeniýet müdirliginiň aýdym-saz toparynyň     aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

 

TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni O.Orazmämmedowa

Degişli makalar