2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň Mejlisler zalynda professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Müftisiniň mudiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, adam söwdasynyň, nika bozulmalarynyň we öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny, psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň Meýilnamasynyň” esasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň esasy hünärmeni
Orazmämmedowa Orazgül